Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda bugdaý ekiş möwsümi 3-nji sentýabrda başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Däbe görä, gallaçy daýhanlaryň möhüm we jogapkärli möwsüminiň badalgasy hormatly ýaşulular tarapyndan “bismilla” bilen başlanar.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Tangryguly Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda beýan edilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110,4% barabar boldy. Şol sanda, Oba hojalyk ministrliginde bu görkeziji 102,4%, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde 133,4%, “Türkmenpagta” döwlet konserninde 119,5%, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginde 103,8% deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama 245,3% ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli önümleri öndürmäge we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady.

Hökümet mejlisinde şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi