Habarlar / Habarlar
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna degişli garaýyşlaryny beýan etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk işlerini dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri anna güni sanly ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi.

Resminama dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş, ulag diplomatiýasy, energetika, sanlylaşdyrma, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly esasy ugurlary öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistan 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna" atly bendi girizip,  onuň çäklerinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy” we “Halkara araçylyk güni” atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemekçi. Türkmenistan tarapyndan Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, BMG-niň Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan tarapyndan hödürlenýän beýleki başlangyçlaryň hatarynda “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy” (2026–2035 ýyllar), “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň taslamalary bar. Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmegi, Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça Sebit merkezini açmagy hem-de 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etmekçi.

Ynsanperwer ulgamda bolsa, Türkmenistan "Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk" atly halkara maslahaty geçirmek, Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek, "Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi" yglan etmek we "Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy" atly kararnamany taýýarlamak ýaly başlangyçlary öňe sürýär.

Hukuk ulgamynda Türkmenistan 2028-nji ýyly "Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürýär hem-de 2031–2032 ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär.

Ileri tutýan garaýyşlary BMG-niň Sekretariatyna iberilip, guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda beýan etmegi göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow geljekki sessiýa giňden taýýarlyk görmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň dowam etdiriljekdigini belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasy 2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda açylyp, 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda tamamlanar.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy