Habarlar / Habarlar
Türkmenistan ŞHG-ny Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerini ulanmaga çagyrdy

Türkmenıstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Hytaýyň Týanszin şäherinde geçen “ŞHG+” sammitindäki çykyşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurduň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet baştutanynyň aýtmagyna görä, bu köpugurly terminal, netijeli ulag we logistika geçelgesiniň döredilmeginde möhüm orun tutup biler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenıstanyň Prezidenti öz çykyşynda Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika we söwda ulgamlaryny kesgitledi.

Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka we Hazarüsti ulag ugurlaryna aýratyn üns çekip, Türkmenistanyň we ŞHG-niň bu ugurdaky bähbitleriniň gabat gelýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça giň logistika magistrallaryny döretmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, Türkmenıstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenıstanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we guramanyň agzalaryny 2025-nji ýylyň 12 dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) 2001-nji ýylda, ýewraziýa sebitinde howpsuzlygy berkitmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen döredildi. Bu guramanyň agzalaryna Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Päkistan, Hindistan, Eýran we Belarusiýa ýurtlary girýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi