Habarlar / Habarlar
Hytaý tarapy “Galkynyş” käniniň dördünji tapgyryny özleşdirer

“Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen iri halkara bäsleşikde Hytaý tarapy ýeňiji boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde, sişenbe güni Pekin şäherinde HHR-iň Baştutany Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny belledi we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda gaz pudagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudygyna aýratyn üns berildi. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlar gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň gerimli iş alyp barýarlar we bu ugurda anyk netijeleri gazanylýar.

HHR-iň Baştutany Si Szinpin, Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi. Ol, hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda döredilýän şertler we goldawlar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Si Szinpin, häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Dünýäde iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň gorlary, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, 27 trillion kub metre barabar bahalandyrylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi