Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Hytaý bilen özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakçy

Türkmenistan Hytaý bilen özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça bilelikde tagalla etmegi teklip edip, hususan-da Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalygy hem-de nebit önümleriniň eksportyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşykda taraplar özara gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletli häsiýetini aýratyn nygtap, bilelikdäki işleriň utgaşdyrylmagynda Hökümetara komitetiň möhüm ornuna ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanyp ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri hem beýan etdi.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 10,6 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň agramly bölegini turba geçirijiler arkaly iberilýän tebigy gaz düzýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi