Habarlar / Habarlar
Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine $16,1 million maýa goýdular

Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine 16,1 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýdular diýip, Gazagystanyň Senatynyň mejlisinde senator Sergeý Ýerşow aýtdy. Bu barada “Kazinform” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Mejlisde Gazagystanyň parlamentiniň deputatlary “Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak barada” Kanuny goldadylar.

Senator Amangeldi Nugmanowyň bellemegine görä, bu resminama işewürlik üçin açyk we durnukly şertleri üpjün etmäge, şeýle-de iki döwletiň maýadarlarynyň bähbitlerini goramak boýunça anyk kepillikleri we borçnamalary berkitmäge gönükdirilendir. Ol ilkinji gezek döwletara derejesinde maýa goýum işleriniň döwlet hem-de hususy pudaklarda goldanylmagyna degişli mehanizmleri kesgitleýändigini nygtady.

Şeýle hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde energiýa pudagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gazagystan Türkmenistanyň gazkondensat ojaklaryny özleşdirmekde we turbageçiriji infrastrukturasyny ösdürmekde gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Mundan başga-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça “QazaqGaz” bilen “Türkmengaz” kompaniýalarynyň arasynda aýratyn şertnama baglaşyldy.

2024-nji ýylyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 555,7 million ABŞ dollaryna ýetdi. Türkmenistanyň ykdysadyýetine Gazagystandan gönüden-göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 0,4 million dollar boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hökmünde ulag pudagyndaky taslamalary, şeýle hem tehniki üpjünçiligi döwrebaplaşdyrmak we abatlamak boýunça bilelikdäki başlangyçlary öňe sürýärler.

Şeýle hem şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystanyň Mangistau oblasty araçäk sebitleriniň ýaşaýjylary üçin bäş günlük wizasyz geçiş düzgünini dikeltmek başlangyjyny goldadylar.

Türkmenistanda 5 sany gämi gurmak meýilleşdirilýär...
Türkmenistanda 5 sany gämi gurmak meýilleşdirilýär
Deňiz ulaglary pudagy ösüşlere beslenýär
Deňiz ulaglary pudagy ösüşlere beslenýär
Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meýi...
Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär
IRU Orta geçelge arkaly ýük daşamalaryny çaltlandyrmak boýunça teklipleri...
IRU Orta geçelge arkaly ýük daşamalaryny çaltlandyrmak boýunça tekliplerini hödürledi
Türkmenistan bilen ÝB ýokary derejeli saparlara görülýän taýýarlyk işl...
Türkmenistan bilen ÝB ýokary derejeli saparlara görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazar deňzinde eýran gämisiniň ekipažyny ...
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazar deňzinde eýran gämisiniň ekipažyny halas etdiler
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyl...
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýu...
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň Assambleýasynda...
Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň Assambleýasynda ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek...
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi saýty işe girizildi