Habarlar / Habarlar
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşarlar

Türkmensitan 2025-nji ýylyň 26–29-njy noýabr aralygynda “Istanbul Expo Center” merkezinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisinde milli pawilýony bilen gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygyň orunbasary Nökerguly Atagulyew anna güni geçirilen hökümet mejlisinde çykyş etdi.

Resmi metbugatyň habar bermegine görä, sergä Türkmenistanyň oba hojalyk, azyk, dokma we plastmassa önümlerini öndürýän kärhanalary, şeýle hem ulag, logistika we syýahatçylyk ugurlarynda işleýän kompaniýalary gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

“Halal Expo 2025” — Türkiýede geçiriljek iň iri halal senagaty sergisi bolup, bu ýerde her ýyl azyk, kosmetika, farmasewtika, moda we logistika ugurlarynda öndürijiler hem-de distribýutorlar duşuşýarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi