Habarlar / Habarlar
BAE-de Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler

2025-nji ýylyň 1–10-njy oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja emirliginde Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (TSSE), Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasy tarapyndan bilelikde gurnalýar. Bu barada TSSE habar berýär.

Forum häzirki zaman söwda we senagat ugurlaryndaky täzelikleri ara alyp maslahatlaşmak, sebitde işewür gatnaşyklary giňeltmek hem-de täze hyzmatdaşlary tapmak üçin netijeli meýdança bolar.

Çäräniň maksatnamasynda öňdebaryjy hünärmenleriň gatnaşmagynda panel çykyşlary, üstünlikli işewür taslamalarynyň tanyşdyrylyşy, şeýle hem eksportyň ösüşi we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite sessiýalar göz öňünde tutulýar.

Forumda innowasiýalaryň halkara söwda hem-de senagat pudagyna täsiri we durnukly ösüş ýaly meseleler esasy üns merkezinde bolar. Foruma gatnaşyjylar öz işini ösdürmek üçin çäräniň dowamynda anyk maslahatlary we peýdaly maglumatlary alyp bilerler.

Guramaçylar forumyň gatnaşyjylaryna Ýakyn Gündogar bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga mümkinçilik berjekdigini nygtaýarlar.

Geçen “Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik forumy 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçirildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy