Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetirmekçi

Türkmenistan bilen Eýran demir ýol hyzmatdaşlygyny giňeltmek we üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini 20 million tonna çenli artdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy ylalaşdylar. Bu barada duşenbe güni “Tehran Times” neşiri habar berdi.

Ylalaşyk 6–8 sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Eýrana eden iş saparynyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda gazanyldy. Eýran tarapyndan gepleşiklere ýurduň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg we Eýranyň demir ýollarynyň başlygy Jabbar Ali Zakeri gatnaşdylar.

Taraplar demir ýol ugurlaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran ugruna we “Aşgabat Ylalaşygy” halkara geçelgesine (Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman) aýratyn üns berildi. Şeýle-de, taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (ECO) agza döwletleriň arasynda haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak we Ermenistan–Eýran–Türkmenistan–Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Tähranda ýerleşýän demirýol wagonlaryny dolandyryş merkezine hem-de “Aprin” gury portuna baryp gördüler. Şeýle hem, wekiliýet Akýaýla–Inçeburun demir ýol geçelgesindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Mundan öň, Horasan demir ýolunyň baş müdiri Türkmenistanyň serhetindäki Sarahs şäherinde ýerleşýän demirýol geçelgesiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny tassyklady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi