Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşyklary ösdürmekçi

Türkmenistan bilen Germaniýa iki ýurduň işewürlik toparlarynyň hem-de Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine garadylar. Degişli mesele Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen Reýnland-Pfals federal ýer cäginiň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşyga Reýnland-Pfals federal ýer çäginiň Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçiligi ministrliginiň döwlet sekretary Petru Dik-Walter hem-de Reýn-Gessen sebitindäki Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Myrat Özbekbaýewiň Reýnland-Pfals federal ýer çäginiň ýolbaşçylygy bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň sentýabry, Germaniýa (Surat: THP)

 

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler. Olaryň hatarynda energetika pudagy, himiýa senagaty, oba hojalygy, farmasewtika, biotehnologiýalar, maşyn gurluşygy we ýokary tehnologiýaly önümçilikler bar.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürlik toparlarynyň arasynda iş saparlarynyň hem-de bilelikdäki işewür çäreleriniň geçirilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda Gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy” maksatnamasyna gatnaşarlar.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy