Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk portlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady

Türkmenistan Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde söwda gatnaşyklaryny we ýük gatnawlaryny giňeltmek maksady bilen Eýranyň demirgazyk portlary, aýratyn-da Amirabad porty bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mammet Akmämmedow, Eýranyň Mazenderan welaýatynyň häkimi Mehdi Ýunusi Rostami bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, IRNA agentligi habar berdi.

Ministriň bellemegine görä, Eýranyň demirgazyk sebitlerindäki döwrebap ulag infratsrukturasy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Şeýle hem ol Amirabad portunyň Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky söwda hem-de ýük daşamak ulgamyny giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesi Eýran bilen Türkmenistandan geçip, Hindi ummanyndaky ýurtlary Baltika we Skandinawiýa sebitleri bilen baglanyşdyrýar. Mazenderan welaýatynyň amatly geografiki ýerleşişi sebitde söwda ýolunyň ösdürilmegine möhüm goşant goşar.

Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesi multimodal ugur bolup, onuň umumy uzynlygy 7200 kilometrden gowrakdyr. Bu alternatiw ýol Ýewropany, Pars aýlagynyň we Hindi umman ýurtlaryny Sues kanaly arkaly özara baglanyşdyrýan möhüm halkara ulag gatnawlarynyň biridir.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy