Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi

Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy möwsümine girişildi. Bir wagtyň özünde ähli welaýatlarda badalga alan bu oba hojalyk möwsümi agrar pudagyň ösüşinde we milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.

Oba hojalyk ulgamyna häzirki döwrüň sanly we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Munuň netijesinde dokma senagatynyň esasy çig maly bolan ýokary hilli pagta süýümi öndürilýär. Şeýle hem tohumçylyk ulgamyna we ýokary hasylly pagtanyň täze görnüşlerini döretmäge aýratyn üns berilýär.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmekde we eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň howa  şertleri orta we inçe süýümli pagtanyň ösdürilip ýetişdirilmegine giň mümkinçilik berýär.

Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň  gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýyl üçin bellenen pagta hasylynyň möçberini üpjün etmek boýunça anyk wezipeler ýüklendi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy