Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Gruziýanyň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwlet Seýitmämmedow 11-nji sentýabrda Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekmek meselesi hem-de uniwersitetleriň rektory derejesinde ikitaraplaýyn saparlary guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam etjek başlangyçlara üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Ilçi duşuşygyň başynda rektory täze wezipesi bilen gutlap, onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ol Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym we medeni ugurlarda dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwlet Seýitmämmedowyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 11-nji sentýabry (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

 

Rektor Tea Jugeli bilelikdäki akademiki we medeni taslamalary ösdürmek boýunça başlangyçlary işjeň goldamaga taýýardygyny aýdyp, ýokary okuw jaýlarynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitjekdigini belledi.

2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Onuň çäginde mugallymlaryň taýýarlygy we hytaý dili boýunça ýörite okuwlar geçirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi