Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada maýa goýum forumyny geçirmek baradaky karary makullady

Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek baradaky Karara gol çekdi. Forum ýurduň ykdysady kuwwatyny, maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we Daşary işler ministrligine maýa goýum forumynyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Forum ýurdumyzyñ esasy ykdysady ulgamlaryny — energetika, transport, sanly tehnologiýalar we oba hojalygy — öz içine alýan täze ykdysady başlangyçlary we maýa goýum taslamalaryny ýaýbaňlandyrmak üçin möhüm platforma bolar.

Bu giň möçberli maslahat, “Berkarar döwletin täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe ýurduň durnukly ykdysady ösüş strategiýasyna laýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligindäki işjeň ornuny has-da berkitmegi göz öňünde tutýar.

TIF 2025 — Türkmenistanyň Maýa goýum forumy häzirki zaman şertlerine laýyk enjamlaşdyrylan, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçiriler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi