Habarlar / Habarlar
Türki döwletleriň ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň wekilleri Şuşada Bilelikdäki Jarnama gol çekdiler

Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde ýekşenbe güni geçirilen Türki döwletleriň ätiýaçlandyryjylarynyň ilkinji Assambleýasynyň çäklerinde türki dünýäsiniň ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň wekilleri bilelikdäki Jarnama gol çekdiler.

Resminama Türk döwletleriniň guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda Türk dünýäsi ätiýaçlandyryş birleşiginiň täzeden gurulmagyny berkidýär. Bäş esaslandyryjy döwletler bilen birlikde, birleşige synçy hökmünde Wengriýanyň, Türkmenistanyň hem-de Demirgazyk Kipr Tükiýe Respublikasynyň ätiýaçlandyryş birleşikleri goşuldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi (AZERTAC) habar berýär.

Birleşigiň esasy maksady — gatnaşyjy we synçy ýurtlaryň ätiýaçlandyryş bazarlarynyň arasynda tejribe, işgärler we maglumat alyş-çalyşyny ýola goýmak, ätiýaçlandyryş gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de ätiýaçlandyryş pudagynyň durnukly we dowamly ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr.

Türki döwletleriň guramasy – türki dilli ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady, ylym-bilim, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen döredilen döwletara bileleşigidir.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan guramanyň agzalary bolup durýar. Wengriýa, Türkmenistan, Demirgazyk Kipr Tükiýe Respublikasy gurama synçy agza hökmünde gatnaşýar.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy