Habarlar / Habarlar
Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklyklygyna uly jogapkärçilik bilen çemeleşer

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Täjigistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine görä, sammite gatnaşyjylar 20 sany meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Duşenbe sammiti jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi hem bolup, geljek ýyl guramada Türkmenistan başlyklyk eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň dowamynda 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjek döwletiň Baştutany hökmünde sözlän sözünde bu çözgüt üçin hemmelere minnetdarlygyny bildirip, muňa ähli agza ýurtlar tarapyndan Türkmenistana bildirilýän hormatyň we ynamyň nyşany, döwletimiziň GDA-nyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde baha berilýändigini aýtdy. «Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine we derejesine doly düşünip, başlyklygymyza uly jogapkärçilik bilen çemeleşeris. Eýýäm ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda ýollanar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýeri gelende nygtasak, Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar we onuň çäklerinde açyk hem deňhukukly dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça wajyp başlangyçlary öňe sürýär, GDA-nyň guraýan dürli çärelerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistan ozal hem 2012-nji we 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edip, bu jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetiripdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi