Habarlar / Habarlar
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýar

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de birnäçe esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu barada anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow aýtdy diýip, “Trend” agentligi habar berýär.

Mikail Jabbarowyň sözlerine görä, hyzmatdaşlygyň täze görnüşi ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşmaça mümkinçilikleri döredýär. "Döwlet Baştutanlarynyň tabşyrygy  boýunça biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde söwda-ykdysady we ulag gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle-de energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda işler alyp barýarys” –  diýip, ministr nygtady.

Mikail Jabbarow duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannamalaryň kabul ediljekdigine ynam bildirdi hem-de anyk iş çözgütleriniň we hereket edýän mehanizmleriň bardygyny aýratyn belledi. “Bu başlangyç ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerini has-da ýakynlaşdyrar, ulag ulgamyndaky aragatnaşygy we energetika hyzmatdaşlygy ösdürer” –  diýip, Mikail Jabbarow belledi.

Ministr şeýle hem ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetine üns çekdi we üç ýurduň Liderleriniň kesgitlän kararlarynyň yzygiderli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi