Habarlar / Habarlar
Awazada “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew gatnaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady, ulag, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda üç ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň hem-de Hytaýy Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan durnukly transkontinental geçelgäni döretmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda Orta geçelgäniň şol sanda Zangezur geçelgesiniň ösüşi, ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň giňeldilmegi, senagat hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, lomaý-paýlaýyş merkezleriniň döredilmegi, önümleriň sanly bellige alynmagy we umumy elektron platformalaryň ornaşdyrylmagy bilen bagly meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ynsanperwer ulgamda bolsa syýahatçylyk we medeni alyş-çalyşlaryň üçtaraplaýyn maksatnamasyny döretmek teklip edildi. Gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, “ýol kartasyny” taýýarlamak we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça ministrleriň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde resminamalaryň gol çekmek dabarasy geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy