Habarlar / Habarlar
Özbegistan Hazar deňzi arkaly ýük daşamagyny ösdürmek islegini bildirdi

Özbegistan Hazar deňzi arkaly ýük daşamagy ösdürmek üçin öz parom gatnawlaryny ýola goýmak isleýändigini mälim etdi. Bu barada Prezident Şawkat Mirziýoýew anna güni “Awaza”milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda aýtdy. Duşuşyga Türkmenistanyň halkynyň milli lideri, Halk Maslahaty Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem gatnaşdy. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda ulag geçelgeleriniň geçirijilik kuwwatyny giňeltmek, şeýle hem häzirki zaman, esasan hem, Türkmenbaşy we Baku portlarynyň logistika infrastrukturasyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

 Taraplar sazlaşykly nyrh syýasatyny durmuşa geçirmek, sanlylaşdyrma işlerini ösdürmek hem-de ýükleriň hereketine gözegçiligi güýçlendirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Özbek tarapy özara ulag nyrhlaryny peseltmäge taýýardygyny beýan etdi, bu bolsa esasy bazarlara amatly bahalar bilen çykmaga mümkinçilik berer. Duşuşygyň barşynda bu ugurda bilelikdäki sazlaşykly iş sebitiň logistikasyny ösdürmäge gyzyklanýan döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga kömek eder diýip bellenildi.

Duşuşykda sebitde logistikanyň ösüşine goldaw bermäge taýýar döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine birleşdirilen çemeleşme üsti bilen şert döredilýändigi aýratyn bellenildi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy, eksport geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça hem pikir alşyldy. Şol sanda Ýewropa ýurtlaryna "ýaşyl" energiýanyň iberilişi, Hazar deňziniň kenarýakasynda geologiýa-gözleg we känleriň özleşdirilişi boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hazar deňzi arkaly ýük daşamalary sebitiň halkara logistika ulgamynyň möhüm bölegini düzýär we Merkezi Aziýa, Eýran, Russiýa hem-de Kawkaz ýurtlaryny birleşdirýär. Ýewraziýa ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli bu geçelge arkaly ýük daşamalarynyň möçberi 25–32 million tonna ýetmegi mümkin.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi